Ak durna
Ak durna demirgazyk sebitlerde ýaýran durnalaryñ bir görnüşidir. Örän täsin hem owadan bu guşlara gadymy döwletlerden bäri uly üns berlipdir hem-de olary güle meñzedip, "Liliýa guşlary" diýip atlandyrypdyrlar. Dünýä halklarynyñ eposlarynda, rowaýatlaryndaak durnalara hoşmeýilligiñ, adalatlylygyñ simwoly hökmünde garalypdyr. Gadymy grek-rim simwolikasynda bolsa bu guşlar ýaz paslyna hem-de ýagtylyga deñelipdir. Geçen asyryñ 70-nji ýyllarynda Durnalary goramagyñ halkara gaznasynyñ döredilmegi bilen ak durna dürli ýurtlaryñ alymlarynyñ we tebigaty öwrenijileriniñ ünsüni özüne çekip başlady. Häzirki wagtda ak durnalaryñ sany az bolup, alymlaryñ maglumatlaryna görä, olar dünýä ýüzünde takmynan 2900-3000 sanydyr.
Ak durna iri guş bolup, onuñ boýy bir metrden geçýär, ganatlarynyñ ululygy 2-2.5 metre barabar, agramy 5-8.6 kilogram aralygynda bolýar. Kellesiniñ öñ bölegi we çüñki gyzyl reñkli, bedeni tutuş ak reñkde bolup, ganatlarynyñ gyralaryndan gara zolak geçýär. Ak durnalar beýleki durnalardan çüñkiniñ uzynlygy bilen tapawutlanýarlar. Jüýje guşlaryñ boýnunyñ, kellesiniñ reñki goñrumtyl-sary tegmilli bolup, ol uly guşlaryñkydan tapawutlanýar.
bu guşlar höwürtgeleýän ýerine maý aýynyñ ahyrynda gelýär. Özüniñ höwürtgesini barmasy kyn bolan batgalyk, çuñlugy 30-40 santimetr bolan suwly ýerlerde gurýarlar. Höwürtgesini dürli otlardan ýasaýarlar. Her höwürtgede agramy 215 grama deñ bolan gara tegmilli iki sany ýumurtga bolýar. Inkubasion döwür 29 güne çenli dowam edýär. Ýumurtgadan çykan iki jüýjäniñ arasynda basdaşlyk bolup, olaryñ haýdy-da bolsa biri diri galýar.
Ak durnalar ösümlikler we jandarlar bilen iýmitlenýärler. Ýazda hem tomusda olar ownuk gemrijiler, guşlaryñ ýumurtgalary we jüýjeleri, balyklar, mör-möjekler, ösümlikleriñ suwasty bölekleri bilen iýmitlenýärler. Gyşda bolsa bu guşlar, esasanam, ýokumly maddalara baý bolan suw ösümlikleri bilen iýmitlenýärler. Durnalaryñ beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, ak durnalar oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlardan iýmit gözlemeýärler.
Demirgazyk sebitlere ýaýran, bu guşlar diñe barmasy kyn bolan batgalyk, çygly düzlük ýa-da tokaýly ýerlerde ýaşaýarlar. Ak durnalaryñ biri-birinden aýry iki sany uly populýasiýasy bellenildi. Gyş paslynda ak durnalar Hindistanyñ batgalyk çäklerine, Eýranyñ demirgazygyna, Hytaýyñ Ýanszy derýasynyñ kenarýakalaryna uçup barýarlar. Biziñ ýurdumyzyñ çäklerinde ak durnalar ýaşamaýarlar. Ýöne olar güýz we ýaz aýlarynda göçüş döwründe Hazar deñziniñ kenarlarynda düşleýärler. Şol pursatlarda ak durnalar tebigatymyzyñ aýrylmaz bir gözel bölegine öwrülip, ony baýlaşdyrýar. Ak durnalar biziñ alymlarymyz tarapyndan hem öwrenilýär.
http://turkmen.wap.ug[permanent dead link] saýtyndan göçürilip alyndy