Tahmasp II
TAHMASP II (144) – Sefewi türkmenleriniň onunjy şasydyr. Ol dokuzynjy hökümdar Hüseýin şanyň ogludyr. Ol 1722-1732-nji ýyllarda şa bolupdyr.
Ol şa diýlip jar edilen wagty Eýran şasynyň tagtynda Mir Mahmud otyrdy (seret. Hüseýin şa). Tagta geçmek we hakykatdan-da ýurduň eýesi bolmak üçin Owganystanly gozgalaňçylary kowmalydy.
1725-nji ýylda Mir Mahmud öldürilip, ýerine onuň doganoglany Aşraf şa boldy. Tahmasp II Owganyztanly türkmen taýpalarynyň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin asly türkmen bolan Nedirguly hana ýüz tutýar. 1730-njy ýylda Eýran doly owganystanlylardan arassalanýar. Nedir türklere garşy uruşda hem abraý gazanýar.
Nediri çetleşdirip özi türk goşunlaryna garşy urşa baştutanlyk edip masgara bolup ýeňilýär. Ruslara garşy alyp baran urşy hem şowsuz gutarýar. Nedir Tahmasp II-niň Türkiýe garşy alyp baran urşuny masgaraçylyk hasaplap, ýurda beýle başarnyksyz adamyň şa bolmaly däldigini aýdyp, 1732-nji ýylda Mugan çölünde ýygnak-gurultaý çagyryp, onda Tahmasp II tagtdan agdarmagy gurapdyr. Şa diýlip, onuň sekizaýlyk çagasy Abbas III jar edilýär.