Mazmuna geçiň

Jyzzah welaýaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jyzzah welaýaty
—  Welaýat  —
Jizzax viloyati
Coordinates: Koordinatlar: Näbelli argument formaty
Ýurt Özbegistan baýdagy Özbegistan
Paýtagt Jyzzah (şäher)
Population
 - Total 1,382,100
Time zone +5 (UTC+5)

Jyzzah welaýaty - Özbegistanda ýerleşýän welaýat. Respublikanyň merkezi böleginde ýerleşýär. 1973-nji ýylyň 28-nji dekabrynda döredildi. Meýdany 21,2 müň km2. Merkez Jyzzah şäheridir.

Relýef daglardan, depelerden we düzlüklerden durýar. Günorta bölegini Türküstan dag gerşiniň (Molguzar dag gerşi), günbatar Nurata dag gerşiniň şahalary tutýar.

Welaýatda altyn, kümüş, wolfram, gurşun, sink, demir, molibden, mermer, wollastonit, bazalt, granit, korund we hek ýaly minerallar bar.

Ykdysadyýet

[düzet | çeşmäni düzet]

Jyzzah welaýaty respublikanyň önümçiliginde we medeni ösüşinde möhüm rol oýnaýar. Hususan-da, pagta, däne, gök önümler, miweler we maldarçylyk önümleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bagbançylygy ösdürmäge üns berilýär.

Sebitleýin bölünişik

[düzet | çeşmäni düzet]
Jyzzah welaýatynyň etraplary
Etrabyň ady Etrabyň merkezi
1 Arnasaý etraby Gʻoliblar
2 Bagmal etraby Usmat
3 Dostlik etraby Doʻstlik (şäher)
4 Foriş etraby Yangiqishloq
5 Gallaorol etraby Gallaorol
6 Sardoba etraby Paxtaobod
7 Mirzaçul etraby Gagarin
8 Pahtakor etraby Pahtakor (şäher)
9 Yangiobod etraby Balandçakir
10 Zomin etraby Zomin
11 Zafarobod etraby Zafarobod
12 Zarbdor etraby Zarbdor