Peru
Peru (isp. Perú, aým. we keç. Piruw), resmi ady — Peru Respublikasy (isp. República del Perú) — Günorta Amerikadaky döwlet. Ol demirgazyk-günbatarda Ekwador, demirgazykda Kolumbiýa, gündogarda Braziliýa, günorta-gündogarda Boliwiýa we Çili bilen araçäkleşýär. Ýurduň günbataryny Ýuwaş ummany ýuwýar. Döwlet gurluşy: Peru – prezident respublikasydyr. Döwlet 12 sany welaýat bilen bir garaşsyz welaýatdan ybarat. Döwlet baştutany – prezident. Kanun çykaryjy organy – Milli kongres.
Ykdysadyýeti
düzetPeru agrar ýurt bolmak bilen dag magdany we balyk hojalygy senagatynda ösen ýurt. Oba hojalygynda ekerançylyga uly üns berilýär. Ýurduň azyk senagaty, aýratynam balyk hojalygy pudagy has ösen. Syýahatçylyk we söwda floty ýurduň iň bir girdejili pudaklary hasaplanýar. Peruda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý käni bar. Baý balyk gory bar. Ýurduň klimat şertleri oba hojalygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga uly mümkinçilik döredýär. Oba hojalygynda ekerançylyga uly ähmiýet berilýär, pagta we kofe köp ekilýär. Peru dokma toplumy babatda hem ösen ýurt. Muňa garamazdan, ýurduň milli ykdysadyýeti metal önümleriniň we beýleki harytlaryň dünýä bazaryndaky nyrhlaryndan täsirlenýär. Dünýä bazaryndaky nyrhlaryň üýtgäp durmagy söwda we maýa goýuma öz täsirini ýetirýär. Bank ulgamy onçakly ösmedik. Soňky ýyldaky maglumatlara görä, dürli pudaklaryň ýurduň umumy içerki önümindäki paýy şeýleräk: oba hojalygy 8,5 göterim, senagat 26,4 göterim, hyzmat pudagy 65 göterim. Esasy oba hojalyk ekinleri: pagta, şeker çiňrik, kofe we kakao. Peruda maldarçylyga hem uly ähmiýet berilýär. Ýurtda iri we ownuk şahly mallaryň sany köpeldilýär. Ýurtda balykçylyk has ösen. Her ýyl köp mukdarda balyk tutulýar. Balyklar esasan balyk uny önümçiliginde ulanylýar. Peruda sink, demir magdany, kümüş, altyn, nebit çykarylýar. Peru demir magdany we kümüş önümçiliginde dünýäde öňdäki orunlarda durýar. Ýurtda 16,8 milliard kWt-s elektrik energiýasy öndürilýär. Onuň agramly bölegi gidroelektrik beketlerinden öndürilýär. Perunyň 2553 kilometre barabar polat ýoly, 71,4 müň kilometr gara ýoly bar. Esasy deňiz porty – Kalýao. Peru daşary ýurtlara dag magdany we metallurgiýa senagatyna degişli önümleri, nebit, nebit önümlerini, balyk uny, kofe, pagta we şeker satýar. Daşary söwdadaky esasy hyzmatdaşlary: ABŞ, Ýaponiýa we Germaniýa. 1986-njy ýyla çenli ýurtda milli pul birligi hökmünde inti ulanylýardy. 2001-nji ýylda pul birligi peru soly boldy.
Taryhy
düzetPeru 1100-nji ýyllarda gurlan ink imperiýasynyň merkezi hasaplanýar. 1500-nji ýyllarda imperiýanyň düzümine diňe bir Peru däl, eýsem-de bolsa Kitodan Ekwadora we Mole derýasyndan Çilä çenli ähli ýerler degişli bolýar. 1532-nji ýylda Fransisko Pisarronyň baştutanlygyndaky ispan goşuny ink imperiýasyny basyp alýar. 1535-nji ýylda Lima şäheri döredilýär. Häzir bu şäher Perunyň paýtagty. 1542-nji ýylda Peru şalygy döredilýär. Wenesuela we Panama hem bu şalygyň gol astynda bolýar. Ispan häkimligi Günorta Amerikada 300 ýyllap dowam edýär. Peru 1821-nji ýylyň 28-nji iýulynda öz garaşsyzlygyny gazanýar. Peru Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň beýleki ähli guramalarynyň agzasydyr.
Gözel we syýahatçylyk ýerleri
düzetPeru – gadymy ýadygärlikleriň bütindünýä tarapyndan ykrar edilen goraghanasy hasaplanýar. Çawin, Çimu, Nazka, Tiauanako, Moçika, şeýle hem Ink medeniýetleri bu ýurda köp sanly taryhy ýadygärlikler, köşk-eýwanlar, kümmetler, piramidalar goýup gidipdir. Naska çölünde dünýä belli syrly suratlar bilen bir hatarda köp sanly gadymy ýadygärliklere duş gelmek bolýar. Tiauanako – gadymy port şäheri. Bu ýerde biziň eýýamymyzdan öňki ýyllarda binagärçilik sungaty bilen hemmeleri haýran galdyrýan daşdan ýasalan galalar, Akapana piramidasy (beýikligi 15 metr) bar. Kusko – ink imperiýasynyň paýtagty. Kusko şäherindäki ybadathanada agramy 8 tonna barabar bolan sap altyndan ýasalan jaň, gowak ybadathanasy, daşdan ýasalan dürli jaýlar bar. Ýurduň esasy baýramy: 28-nji iýul – Garaşsyzlyk güni.
Inkleriň ýiten şäheri – Maçu Pikçu
Günorta Amerikada ýerleşýän Peru Respublikasy gadymy ýadygärlikleri we goraghanalary bilen tanalýar. Çawan, Çimu, Naska, Tiahuanko, Moçika we elbetde Ink ýaly imperiýalaryň gadymy medeniýeti bu ýurduň özboluşly medeni gymmatlyklaryny artdyrýar. Ink imperiýasy köp sanly näbelli taryhy eserleri galdyryp gidipdir. Olaryň biri-de Maçu Pikçu şäheridir. Bu şäher Ink hökümdary Paçakutek döwründe gurlupdyr. Taryhy maglumatlara görä, şäheriň 1440-njy ýyllarda döredilen bolmagynyň ahmaldygy çaklanylýar. Şäherde 1532-nji ýyla çenli ýaşaýyş dowam edýär. Şol ýyl ispanlar inklere degişli bolan ýerleri basyp alýarlar. Maçu Pikçu şäheriniň ilaty bolsa näbelli ýagdaýda ýitip gidýärler. Şäher Urubamby derýasynyň jülgesinde ýerleşýän 2057 metr belentlikdäki dag gerşinde ýerleşýär. Şäheriň ýerleşýän ýeri Peru Respublikasyna degişli. Dagyň gerşinde ýaýlyp ýatan şäherde 200-den gowrak desga bar. Olar ybadathanalar, köşk-eýwanlar, ammarlar we jemgyýetçilik üçin ulanylýan beýleki binalardan ybarat. Şäherde orta hasap bilen 1200-e golaý adam ýaşapdyr. Olar Inti hudaýyna çokunyp, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. 400-den gowrak ýyl bu şäher unudylypdyr. 1911-nji ýylyň 24-nji iýulynda Ýel uniwersitetiniň professory, amerikaly alym Haýr Binghem tarapyndan bu ýadygärlikler täzeden tapylýar. Ol bu ýere ýerli ýolbelet oglanjyk we hökümet tarapyndan berlen gorag topary bilen barýar. Alym Binghem bu ýerde daýhanlara duş gelýär. Daýhanlaryň alyma gürrüň berişlerine görä, olar bu şäherde azat, parahat durmuşda ýaşapdyrlar. Olary ne döwlet işgärleri, ne-de salgyt toplaýjylar birahat edipdirler. Maçu Pikçu örän anyk binagärçilik äheňinde gurlupdyr. Günorta-gündogarynda köşk-eýwan toplumy ýerleşýär. Günbatar böleginde uly ybadathana bar. Onuň gabat garşysynda iki gatly jaşaýyş jaşlary ýerleşýär. Olaryň arasyny dar köçeler we merdiwanlar kesip geçýär. Ispan basybalyjylary Maçu Pikçu şäherine baryp ýetmändirler. Şäher derbi-dagyn edilmändir. Ýöne bu täsin we gizlin şäher barada taryhy çeşmelerde maglumatlara duş gelmek kyn. Inklere näme üçin deňiz derejesinden 2450 metr belentlikde we döwletiň merkezinden çet ýerde şäher gurmak gerek bolduka?! Bize şäheriň ilatynyň sany we onuň hakyky ady hem näbelli. Ýel uniwersitetiniň amerikaly alymlary Riçard Brýuger we Lýusi Salazar XVI asyrdaky ispan taryhy çeşmelerine gözden geçirip, bu şäheriň ink hökümdary Paçakutegiň gyşky köşgi bolandygyny öňe sürdüler. Tomusda ýagyş ýagýan döwründe şäherde 200-den gowrak adam galýan eken. Imperiýanyň alynmagy bilen şäher öz ähmiýetini ýitirýär we ýaşaýjylar ony hemişelik terk edýärler. Maçu Pikçu bilen Kusko aralygynda ýol ýerli gurluşykçylaryň sungatynyň ajaýyp nusgasydyr. Ýagyşly günlerde-de ýol öňki durkunda galýar. Imperiýanyň ähli ýeri döwrebap we giň ýol ulgamy bilen birikdirilipdir. Olaryň uzynlygy takmynan 40 müň kilometre barabar. Ink döwletiniň ýollarynyň strategik ähmiýeti bolupdyr. Ol ýollardan goşun arkaýyn geçip bilipdir. Inkler goňşy döwletler bilen medeni gatnaşyklar saklapdyr. Bu ýollaryň üsti bilen adamlar bir-birinden keramika, dokmaçylyk, metaly täzeden işlemek, arhitektura we gurluşyk sungatyny öwrenipdirler. Inkler araba ulanmandyrlar. Şonuň üçin olaryň dag ýollary basgançakly bolupdyr. Derýadan geçmek üçin daşdan köpri gurupdyrlar. Köprüler inkler üçin mukaddes hasaplanýar. Dag gerşinden şäher gurmak üçin özboluşly ussatlyk gerek bolýar. Gurluşykçy-inžener Kennet Raýt we arheolog Alfredo Walensi Segarry şäheriň gurluşygynda işiň agramly böleginiň şäheriň umumy meýdanynyň taýýarlyk işlerine we binalaryň düýbüniň tutulmagyna gidendigini mälim etdiler. Sebäbi 500 ýyldan bäri ýagyş we sil suwlaryna garamazdan, şäher öňki durkunda dur. Diýmek, şäheriň düýbi berk tutulypdyr. And medeniýetiniň mirasdüşerleri Maçu Pikçuny gadymy beýik medeniýet bilen birleşdirýän nyşan hökmünde kabul edýärler.
Maçu Pikçu edebiýatda we kinoda
düzet1943-nji ýylda çilili şahyr Pablo Neruda Maçu Pikçu hakynda goşgy ýazdy. Ol „Maçu Pikçunyň belentligi“ atly goşgusynda bu täsin şäher baradaky oýlanmalaryny beýan etdi. „Motosikletçiniň gündeligi“ atly filmde-de bu şäher görkezilýär. Maçu Pikçu – inkleriň syrly we gizlin şäherleriniň biri. Maçu Pikçu „Garry dag“ diýen manyny berýär. Häzir ol ýere Kusko şäherinden awtobus ýa-da otly bilen barmak bolýar. Kusko bilen Maçu Pikçunyň arasy dört sagatlyk ýol.
Maçu Pikçunyň täsinlikleri
düzetXX asyrda alymlar tarapyndan alnyp barlan ylmy-barlag işleriň netijesine görä, XVI asyrda ispanlar basyp almazdan ozal Perunyň halky medeniýet, astronomiýa, arhitektura, gurluşyk, lukmançylyk, oba hojalygy we beýleki ugurlarda ylym babatda uly ösüşler gazanypdyr. Perunyň häzirki tutýan meýdanyndan birnäçe gadymy medeniýet ojaklary tapyldy. Alymlar we arheologlar belent-belent daglarda syrly we täsin unudylan şäherlere duş geldiler. Maçu Pikçu gadymy şäherde 100-den gowrak adam skeleti we 50-ä golaý gubur tapylypdyr. Amerikaly alym Haýr Binghem 1912-13-nji ýyllarda alyp baran ylmy-barlag işleriniň netijesinde bu şäheriň üstünden barýar. 1915-nji ýylda bu şäher baradaky ylmy-barlag işleri barada kitap çap edýär. Dünýä belli „National Geographic Society“ (Milli geografiýa jemgyýeti) atly žurnaly 1913-nji ýylyň aprel aýyndaky sanyny bu şähere bagyşlaýar. Şeýdip, bu şäher meşhurlyk gazanýar. 1983-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň UNESKO edarasy Maçu Pikçu şäherini bütindünýä mirasynyň sanawyna goşýar.
Şäheriň syýahatçylyk ähmiýeti
düzetMaçu Pikçu şäheri Günorta Amerikada syýahatçylaryň iň köp syýahat edýän ýeri hasaplanýar. Her gün bu şähere 2 müň syýahatçy gelýär. UNESKO harabalara, taryhy ýadygärliklere zeper ýetmezligi üçin bu görkezijiniň 800-e çenli azaldylmagyny talap etdi. Maçu Pikçu dünýäniň täze ýedi täsinliginiň sanawyna goşuldy. Şweýsariýada ýerleşýän “Täze 7 täsinlik” atly gazna dünýäniň täze ýedi täsinligini tapmak üçin pikirsoraşma geçirdi. Pikirsoraşma 21 eser gatnaşdy. Dünýäniň dört künjünden100 milliona golaý adam ykjam telefonlary arkaly bu pikirsoraşma gatnaşdy. Şeýle hem internet arkaly hem ses berişlik guraldy. Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda pikirsoraşmanyň we internetdäki ses berişligiň jemi jemlendi. Olaryň netijesinde dünýäniň täze 7 täsinligi saýlandy. Olar:
- Iordaniýadaky gadymy Petra şäheri
- Hytaý diwary
- Braziliýadaky Kristo Redentor heýkeli
- Perudaky Maçu-Pikçu şäheri
- Meksikadaky Çiçen itza piramidasy
- Italiýanyň Rim şäherindäki kolizeý
- Hindistandaky Täç-Mahal