Mazmuna geçiň

Gipotireoz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Addbot (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 15:38, 18 awgust 2013 seneli wersiýa

Gipotireoz (miksedema) – köp duş gelýän kliniki alamatlar toplumy bolup, galkan şekilli mäziň (GŞM) gormonlarynyň täsiriniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýandyr.

GŞM-iň işläp çykarýan gormonlaryna tiroksin (T4) we triýodtironin (T3) degişlidir. T4 we T3 gormonlarynyň beden öýjüklerindäki biohimiki alyş-çalyş ýagdaýlaryna gatnaşyp, bedeniň ösüşine we kämilleşmegine täsirini ýetirýänligi üçin, olaryň ýetmezçiligi beden ulgamlarynyň köpsanly bozulmalaryna getirip biler. Gipotireozyň öte geçen görnüşleri zähmete bolan ukyplylygy peseldip, köp ýagdaýlarda näsagy maýyplyga getirýändir. Keseli irki möhletlerde anyklamak bilen, ony doly bejerip hem-de agyr görnüşleriniň öňüni alyp boljakdygyny bellemek wajypdyr.

Häzirki wagtda gipotireozyň köpelmegi ekologiýanyň ýaramazlaşmagy, iýmit önümleriniň hem-de suwuň hapalanmagy, ýod ýetmezçiligiň ýaýramagy bilen bagly bolup biler.

Ondan başga-da, uzaga çekýän psihiki dartgynlylyk bedeniň uýgunlaşma häsiýetini ýaramazlaşdyryp hem-de dowamly ýadawlylyk ýagdaýyny döredip GŞM-iň işiniň peselmegine getirip bilýändir. Genetiki ýetmezçilik hem gipotireozyň nesil yzarlama häsiýetine eýe bolmagyna sebäp bolup biler. Iýmitde witaminleriň we mikroelementleriň ýetmezçiligi, deňiz önümlerini az mukdarda kabul etdilmegi, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň ýaýramagy ýaly faktorlar bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryna ýaramaz täsir edip, GŞM-iň gormonlarynyň ýetmezçiligine getirýändir. Gipotireozyň başlangyç, ikilenç we periferiki (nerw merkezinden daşky) görnüşleri bolýandyr.

Başlangyç gipotireozyň ýüze çykmagyna dogabitdi bozulmalar, dowamly ýokançlyklar, GŞM-ne edilen operasiýalar, şöhle bilen bejergiden soň GŞM-iň işiniň peselmegi getirip biler. Ikilenç gipotireozda bolsa GŞM-iň işine gözegçilik edýän nerw merkeziniň (gipotalamo-gipofizar) ýokançly keselleri, täze döremeleri we şikeslenmeleri sebäp bolup bilýändir. Bedende tireoid gormonlarynyň alyş-çalyş ýagdaýynyň bozulmagy ýa-da agzalaryň we dokumalaryň olara bolan duýgurlylygynyň peselmegi gipotireozyň periferiki (nerw merkezinden daşky) görnüşine getirip biler.

Gipotireozyň alamatlary aýdyň görnüşde ýüze çykman, dürli keselleri ýada salyp biler. Bu bolsa anyklaýyş çärelerinde ýalňyşlyklaryň ýüze çykmagyna getirip bilýändir. Oňa garamazdan, gipotireozly näsaglara mahsus kliniki alamatlaryň ýüze çykmagy bu keseli güman etmäge esas döredip biler.

Gipotireozyň giňden ýaýran we ir ýüze çykýan alamatlarynyň biri hem çişginligiň döremegidir. Ilkibaşda ýüz irden çişip, agşama çenli çiş aýrylýandyr. Wagtyň geçmegi bilen, bejergi geçirilmedik ýagdaýynda çişginlik tutuş bedene ýaýrap, gipotireozyň agyr görnüşine-miksedema getirip bilýändir. Dokumalarda suwuklygy saklaýan mukopolisaharidleriň köplügi sebäpli çişler „gaty“ bolýar. Gipotireoz üçin mahsus ýene bir alamat-deriniň guramagydyr. Degerli bejergisiz onuň hem ýüze çykma derejesi üýtgäp bilýändir.

Deride sarymtyl öwüşginleriň emele gelmegi ýüze çykyp, ol ilki eliň aýalarynda, soň bolsa ýüzde döreýändir. Gipotireozly näsaglar üçin saçyň we gaşyň düşmegi mahsusdyr. Esasan hem aýal maşgalany howsala salýan bu ýagdaý, köplenç başlanýan keseliň birinji alamaty hem bolup biler.

Näsaglarda ýürek urmalaryň seýrekleşmegi (bradikardiya), gan basyşynyň peselmegi bolup biler. Gipotireozly näsaglar ýadyň peselmegini belleýärler. Ilkibaşda adam otaga näme üçin girenini ýatdan çykarsa, soňundan bir wagt bolup geçen wakalary ýada salyp bilmeýär (meselem, geçen hepdede bolup geçen wakalary). Ýadyň peselmegi dürli ýaşdaky adamlarda bolup bilýändir.

Näsaglarda ýüzüň mimiki üýtgemeleri ýeterlik bolmaýar. Olar haýallyk bilen gepleýärler. Bedende ýylylyk çalşygynyň pesligi sebäpli, gipotireozly näsaglar hemişe üşeýärler. Içiň gatamagy ýüze çykyp, bejergi geçirilmedik ýagdaýynda ol has hem beterleşýär. Merkezi nerw ulgamynyň işinde durgunlylyk ýagdaýynyň döremegi gaharjaňlygyň, dürli ruhy üýtgemeleriň ýüze çykmagyna getirip biler. Ondan başga-da, nerw ulgamynyň bozulmalary el-aýaklarda agyryny, sanjylamalary, damar çekmeleri döredip biler.

Tireoid gormonlaryň ýetmezçiligi ýürek-damar ulgamynyň (ýürek urmalaryň seýrekleşmegi, çişginligiň döremegi), iýmit siňdiriş agzalaryň (aşgazanyň sowuklamagy, içiň gatamagy), direg-hereketleniş ulgamynda (bogun agyrylary) bozulmalaryň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup bilerler.

Gipotireozdan ejir çekýän aýallarda jynsy ösüşiň yza galmagy, aýbaşy aýlawynyň bozulmagy, çaga düwünçeginiň düşmegi, öli çaga dogurmak ýagdaýlary döräp biler.

Näsaglaryň ýüzi çişip, "ýellenen" görnüşde bolýar. Dem alyş ýygylygy seýrek bolup, ses gasynlarynyň çişmegi netijesinde sesi ýogynlaşýandyr. Diliň we dodaklaryň çişip "galyňlaşmagy" bolsa sesi has hem üýtgedip bilýändir.

Ýuwdunmagyň kynlaşmagy (disfagiýa) näsaglary has köp biynjalyk edýän alamatlaryň biridir. Onuň döremegine zobuň bolmagy, boýnuň ýumşak dokumalarynyň çişmegi we gyzylödegiň gysylmagy sebäp bolýandyr.

Täze doglan çagalaryň ömrüniň birinji aýlarynda dogabitdi gipotireozy aşakdaky kliniki alamatlar boýunça seljerip bolýandyr:

  • Fiziologiki sarylamanyň uzaga çekmegi;
  • Diliň ulalmagy;
  • Göz yşynyň kiçelmegi;
  • Içiň gatamagy;
  • Ýürek urgularyň haýallamagy;
  • Bedeniň temperaturasynyň peselmegi;
  • Bedende çişiň döremegi;
  • Çaganyň bekemedik uly beýnijiginiň giç ýapylmagy we dişleriň giç çykmagy;
  • Ösüşiň haýallamagy we agramyň haýal köpelmegi;
  • Ruhy ösüşiň yza galmagy.

Gipotireoz ýagdaýyny anyklamak üçin ganda umumy T3, erkin T4 we TTG-yň (gipofiziň işläp çykarýan tireotrop gormony) mukdaryny kesgitlemek ýeterlikdir.

Bejeriş çäreleri gipotireozyň görnüşine, sebäplerine, onuň agyrlyk derejesine, näsagyň ýaşyna, bar bolan gaýraüzülmelerine we ugurdaş kesellerine baglylykda bellenilýändir. Gipotireozly näsaglaryň iýmiti ýokumly bolmalydyr, ýöne ondaky ýaglary we holesterin saklaýan önümleri çäklendirmelidir. Goşmaça A, C we B toparyň witaminlerini kabul etmelidir.

Gipotireozyň hemme görnüşlerinde hem esasy bejergi – tireoid gormonlaryny ýörite saýlanan mukdarda kabul etmekdir. Şonuň bilen birlikde hem, gormonlaryň peselmegine getirýän sebäpleri bilip, GŞM-iň kesellerini bejermelidir, gipotalamo-gipofizar ulgamynyň bozulmalaryny aradan aýyrmalydyr.

Biziň derman senagatymyz tarapyndan T4 we T3 gormonlary derman serişdeleri görnüşinde öndürilýändir. T3 gormonynyň biologiki täsirliligi ýokary bolsa-da, köplenç bejergi T4 gormon bilen geçirilýändir. Bu ýagdaý T3 gormonynyň gandaky mukdarynyň üýtgäp durup, köpsanly ýaramaz täsirlere getirýänligi bilen düşündirilýändir. T4 (tiroksin) gormony günde bir gezek kabul edilip, bedende T3 gormona öwrülýändir. Oňa garamazdan, T4 gormonyň T3 gormona öwrülmeginiň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän periferiýa gipotireozynda T3 gormony bilen hem bejergi geçirilýändir. Gipotireozly näsaglar gormon bejergini üznüksiz, ömrüniň dowamynda kabul etmelidir. Özünde tireoid gormonlary saklaýan serişdeler höküminde lewotiroksin (L-tiroksin), tiroid, liotiroksin, tireotom-forte, tireokomb giňden ulanylýandyr. Gormonyň mukdary näsagyň ýagdaýyna görä saýlanyp alnyp, ol kesgitlenýän döwründe laborator barlaglary her 1,5-2 aýdan bir gezek geçirmelidir. Gormon serişdeleriniň mukdaryny aşa köp bermekden gaça durmalydyr.

Bejerginiň peýdalylygyny kliniki alamatlaryň üýtgemegi (näsagyň ýagdaýynyň we ýadynyň gowulaşmagy, içegeleriň işiniň düzelmegi, ýürek urmalaryň kadalaşmagy) we laborator barlaglaryň netijesinde kesgitläp bolar. Gyş aýlary bilen deňeşdirlende, tomus aýlary gormon serişdeleriň mukdaryny azaltmalydygyny ýatda saklamalydyr. Sebäbi gyş aýlary, bedeniň umumy kuwwatlylyk üpjünçiligini amala aşyrýan tireoid gormonlaryna talap ýokary bolýandyr.

Ikilenç gipotireozda oňa getiren esasy keseli bejermek bilen bilelikde, başlangyç gipotireozda bolşy ýaly, tireoid gormonlar bilen hem bejergi geçirmelidir. Bedende ýetmeýän tireoid gormonlarynyň öwezini dolma bilen birlikde, GŞM-iň gormonlarynyň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykan ulgamlaryň işiniň bozulmalaryny hem bejermelidir. Onuň üçin ýürege täsir edýän dermanlar, kaliý serişdeleri bilen bilelikde az mukdarda buşukdyryjy dermanlar, bagryň işini kadalaşdyryjy dermanlar ulanylýar. Gan azlylyk ýüze çykanda demriň serişdeleri bellenilýär. Bedende tireoid gormonlarynyň mukdary kadalaşandan soň hem aýallarda aýbaşy bozulmasy dowam etse, aýal jyns gormonlaryny sikliki düzgünde kabul etmek maslahat berilýändir. Näsagda ýüze çykýan psihiki bozulmalar ruhy ýagdaýy kadalaşdyrýan serişdeleriň ulanmagy bilen bejerilýändir.