Mazmuna geçiň

Türkiýe

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
MerlIwBot (gürleşme | goşantlar) tarapyndan döredilen 12:46, 16 fewral 2013 seneli wersiýa
Türkiýe Respublikasy
Türkiye Cumhuriyeti
Türk Bayrağı Türkiýe gerbi
Türkiýe baýdagy Türkiýe gerbi
Paýtagt Ankara
Prezident Abdullah Gül
Dil Türkçe
Gimn İstiklâl Gimni
Meýdany 814 578 km²
Ilat
 – ilat/km²
76.805.524
 102.147/km²
Garaşsyzlyk 29 Ekim, 1923
Pul Türk Lirası (TL)
Wagt UTC +2
Telefon kod +90
Internet TLD .tr

Türkiýe (türk. Türkiye), resmi ady Türkiýe Respublikasy (türk. Türkiye Cumhuriyeti) — bir bölegi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde, beýleki bölegi Günorta Ýewropada ýerleşýän döwlet. Ýurduň territoriýasynyň easy bölegi Anatoliýa ýarymadasynda (Kiçi Aziýa ýarymadasy) Gara deňiz bilen Ortaýer deňziniň aralygynda ýerleşýär.

Türkiýe gündogarda Gruziýa, Ermenistan, Azerbaýjan we Eýran bilen; günortada — Yrak we Siriýa; günbatarda — Gresiýa, Bolgariýa bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny dört sany deňiz ýuwýar: Gara deňiz, Ortaýer deňzi, Egeý deňzi we Mermer deňzi.


Türkiýäniň umumy tutýan meýdany 814,578 inedördül kilometr bolup, şonuň 790,200 inedördül kilometri Kiçi Aziýa ýarym adasynda, galan 24 müň inedördül kilometri hem Ýewropadadyr. Ýagny, Balkan ýarym adasynyň günorta gündogaryndadyr.

Türkiye dünýäniň iň täsin ýerinde gadymy Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň biri-birine iň golaýlaşýan ýerinde, Aziýanyň Ýewropa bilen araçäkleşýän ýaýlymynda ýerleşýär. Ol günortadan demirgazyga 550 kilometre, gündogardan günbatara 1600 kilometre uzalyp gidýär.

Üç tarapy deniz bilen gurşalan Türkiye döwleti Birinji jahan urşundan soň, 1923-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan esaslandyrylýar. Türkiye dünýäniň birnäçe abraýly guramalarynyň agzasydyr. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda" Türkiye Ýewropa Bileleşigine doly hukukly agza bolmak üçin gepleşiklere başlady.

Türkiýäniň Uly Millet Mejlisi 1920-nji ýylyň aprel aýynyň 23-inde döredildi. Ol ýurduň kanun çykaryjy organydyr. Deputatlar halk tarapyndan her 5 ýylda bir gezek geçirilýän saýlawlaryň netijesinde saýlanýar. Mejlisde 550 deputat bar.

Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetine premýerministr ýolbaşçylyk edýär. Ol Ministrler Kabinetine başlyklyk edýär. Premýerministr Mejlis tarapyndan 5 ýyllyk möhlete saýlanýar. Türkiye «Ýurtda parahatçylyk - dünýäde parahatçylyk» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, ony sebitdäki yurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar, hormat goýmak esasynda dowam etdirýär.

Tebigy baýlyklary

Türkiýäniň territoriýasy ýerasty magdanlara baýdyr. Ýurtda altyn, kümüş, mis, boksit, wolfram, simap, demir, marganes, daş we goňur kömür, nebitdir gaz çykarylýar. Hromitiň gorunyň çykarylmagy we eksport edilmegi, wolframyň we sürmäniň gory boýunça Türkiye dünýäde birinji orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýerde bütin günorta-gündogar Aziýa boýunça daş we goňur kömrüň iň iri ýataklary bar. Himiki çig mal we tebigy gurluşyk materiallar hem köp dürlüligi bilen tapawutlanýar.

Haýwanat dünýäsi

Türkiýäniň baý haýwanat dünýäsi bar. Munda Aziýa bilen Ýewropanyň biri-biri bilen araçäkleşmeginiň uly täsiri bar. Täsin geografiki ýerleşişi we dürli howa şertlerine eýe bolandygy üçin bu ýurduň ösümlik dünýäsi beýleki ýakyn Gündogar ýurtlarynyňka seredeňde örän baýdyr. Ýurtda 9 müňden gowrak ösümlik görnüşi bar. Şeýlelikde. ýurtda diňe bir Ortaýer deňziniň faunasynyň görnüşleri bolman, eýsem Ýakyn we Gündogar Ýewropa Kawkaz hem-de Arap ýarym adasynyň faunasyna degişli haýwanlara duş gelmek bolýar.

Ykdysadyýeti

1923-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän özgertmeler arkaly häzirki günde Türkiye dünýäniň çalt ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ykdysady ösüşi boýunça dünýäde 17-nji orny eýeleýän ýurduň içerki jemi önüminiň möçberi ýyl-saýyn ösýär. llatynyň sany 72 million adama ýetýän Türkiye özüniň eksportyny 100 milliard dollara çenli artdyrdy.

Belli şahsyýetleri

Türkiýäniň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň ýaşan kyn döwründe bitiren uly işleri, alyp baran üstünlikli syýasatlary, syýasy meselelerdäki öňdengörüjiligi bilen dünýäde meşhur bolan şahsyýetdir.

Dünýäde meşhurlyk gazanan türk sungat ussatlary-da az däl. Olardan pianinoçy Fazyl Saý we Süher Pekinel, opera aýdymçysy Leýla Genjer, edebiýatçylardan - Orhan Pamuk, Ýaşar Kemal, Nejip Fazyl Kysakürek, Mehmet Akif Ersoý, Nazym Hikmet, şahyrlardan,-Nuri Bilge Jeýlan, Ferzan Özpetek dagy dünýä medeniyetine uly goşant goşan ady belli şahsyýetlerdir.

Matematika boýunça birnäçe teoriýalaryň üstünde işlän Jahit Arf molekulýar biologiýa we kwant teoriýasy babatda ylmy işler ýazan Oktay Sinanogly, taryhçy Halil Inaljyk we Ilber Ortaýly, beýni hirurygy Gazi Ýaşargil dagy bolsa dünýä ylmyna goşant goşan türk alymlary hasaplanýar.

Tagamlary

Türk aşhanasy hytaý we fransuz aşhanalary ýaly dünýäniň iň meşhur hem baý aşhanalarynyň biridir. Geografiki ýerleşişi we gadymy taryhy ýurduň aşhanasynyň baý bolmagyna öz goşandyny goşupdyr. Türk aşhanasy Mesopotamiýa we Balkan aşhanasyndan hem täsirlenipdir. Osman imperiýasynyň aşhanasy bolsa türk aşhanasynyň esasyny düzýär. Osman imperiýasynyň aşhanasynda dürli hilli çorbalar, zeýtun ýagyna ýatyrylan gök önümler, etli naharlar, balyk, börek we süýji tagamlar taýýarlanylýardy. Şeýle hem ýurduň her taýpasynyň we obasynyň özüne mahsus tagamlary hem bar.

Metbugaty

Türkiýäniň Döwlet Teleradiokompaniýasy (TRT) ýurduň ilkinji teleýaýlymydyr. Ol 5 teleýaýlymy we 5 radiosy bilen ýaýlyma çykýar. TRT-niň döredilmegi bilen göz önünde tutulan maksadyň beýleki ýaýlymlar bilen bäsleşmek ýa-da girdeji gazanmak bolman, eýsem, jemgyýetiň bähbidini gorap, ýokary hilli gepleşikleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkiýäniň bazarynda 21 milli, 14 sebitara we 229 sany ýerli teleýaýlymlar bar. Iň köp tomaşa edilýän ýaýlymlar: "Samanýolu", "Kanal D", "ATV", "Show TV" we "Stardyr". Ýurtda ykdysadyýet meselelerine we habarlara üns berýän ýaýlymlar hem az däl. Ýurduň iň köp okalýan gazetleri: "Posta", "Hürriyet", "Zaman", "Radikal", "Milliýet" we "Sabah" gazetleridir:

Kinosy

Türkiýäniň kinematografiýasynda ilkinji kino 1914-nji ýylda surata düşürildi. Şol döwürde Fuat Uzkynaý "Aýastefanosdaky rus ýadygärliginiň ýykylmagy" atly filmi surata düşüripdi. 1914-2006-njy ýyllar aralygynda 4827 sany serial we film surata" düşürildi. Metin Erksanyň režissýorlygynda "Suwsuz ýaz" atly reňksiz film 1964-nji ýylda halkara Berlin kinofestiwalynda "Altyn aý" baýragyna mynasyp boldy. 1970-nji ýylda "Ýeşilçam" kino industriýasy ýurduň kinematografiýasyna uly goşant goşdy. Türkan Şoraý, Filiz Akyn, Ýylmaz Güney. Kadir Inanyr, Ediz Hun ýaly kino ussatlary öz filmleri bilen türk tomaşaçylarynyň söýgüsini gazandy. Häzirki ýyllarda-da kino industriýasy çalt depginlerde ösýär. Iň köp tomaşa edilýän filmler: "GORA", "Dondurmam Gaýmak", "Gurtlar jülgesi", "Atam we oglum".

Sporty

Türkiýede sporta uly üns berilýär. Ýurtda sportuň iň gowy görülýän görnüşleriniň biri hem futboldyr. Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysy hem bu ugurda uly üstünliklere eýe boldy. 2002-nji ýylda geçirilen dünýä futbol çempionatynda Türkiýäniň milli ýygyndysy hormatly üçünji ýere mynasyp boldy. Şeýle hem 2000-nji ýylda Belgiýa bilen Gollandiýanyň bilelikde gurnan Ýewropa futbol çempionatynda bolsa ýygyndy topar altynjy orny eýeledi;

Türkiýäniň birinji futbol ligasynda çykyş edýän "Galatasaraý" futbol topary 1999-2000-nji ýylda UEFA-nyň kubogynyň finalynda Angliýanyň "Arsenal" toparyndan üstün çykyp, bu kuboga eýe bolan ilkinji türk toparydyr. Şol ýyl ol Ýewropanyň "Süper kubogyny" eýeläp, dünýädäki iň meşhur futbol toparlarynyň hataryna goşuldy. Bu toparyň düzüminde çykyş edýän Hakan Şüküri hem-de häzirki wagtda-da Ýewropanyň güýçli toparlarynda oýnaýan Tunjaý Şanlyny we Nihat Kahwejini köp sanly futbol janköýerleri tanaýar.

Şäherler

Adana | Adyýaman | Afýonkarahisar | Agry | Aksaraý | Amasýa | Ankara | Antalýa | Ardahan | Artwin | Aýdyn | Balykesir | Bartyn | Batman| Baýburt | Bilejik | Bingöl | Bitlis | Bolu | Burdur | Bursa | Çanakkale | Çankyry | Çorum | Denizli | Diýarbakyr | Düzje| Edirne | Elazyg | Erzinjan | Erzurum | Eskişehir | Gaziantep | Giresun | Gümüşhane | Hakkari | Hataý | Ygdyr | Ysparta | Stambul | Izmir | Kahramanmaraş | Karabük | Karaman | Kars | Kastamonu | Kaýseri | Kyrykkale | Kyrklareli | Kyrşehir | Kilis | Kojaeli | Konýa | Kütahýa | Malatýa | Manisa | Mardin | Mersin | Mugla | Muş | Newşehir | Nigde | Ordu | Osmaniýe | Rize | Sakarýa | Samsun | Siirt | Sinop | Siwas | Şyrnak | Tekirdag | Tokat | Trabzon | Tunjeli | Şanlyurfa | Uşak | Wan | Ýalowa | Ýozgat | Zonguldak

Çykgytlar

Galeri



 
Türk döwletler we Awtonom türk döwletler
Türk döwletler: Azerbaýjanyň baýdagy AzerbaýjanGazagystanyň baýdagy GazagystanGyrgyzystanyň baýdagy GyrgyzystanKipr Türk baýdagy Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy
Özbegistanyň baýdagy ÖzbegistanTürk baýdagy TürkiýeTürkmenistanyň baýdagy Türkmenistan

Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | Baýan Ölgiý | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Nenes | Gagauzystan | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabarda-Balkariýa | Garaçaý-Çerkes | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy | Ýakudystan

ak:Turki